Tebigat – biziň öýümizdir
Tebigat bize howa, suw, iýmit we ýaşaýyş üçin zerur ähli mümkinçilikleri berýär. Emma adamzat ösüşi bilen bilelikde, daşky gurşaw dürli howplara sezewar bolýar. Tebigaty goramak diňe bir borç bolman, eýsem, geljek nesiller üçin jogapkärçiligiň hem bir bölegidir.
Tebigat – bu diňe bir tokaýlar, daglar we derýalar däl. Ol – ýaşaýşyň esasy çeşmesidir. Adamzat ösümliklerden we haýwanlardan başlap, ýer astyndaky tebigy baýlyklara çenli ähli zatdan peýdalanýar. Tebigy deňagramlylyk bozulan halatynda bolsa, ekologiýa kynçylyklary ýüze çykýar. Şu nukdaý nazardan Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, işgärleri, talyplary şenbe güni agzybirlikde ýowara çykdylar.