Dostluk konserti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Her bir sungat ojagynda bilim alýan talyp ýaşlaryň, bilim berýän mugallymlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin dürli-dürli giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli döredilýän mümkinçilikleriň sakasynda bolsa biziň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Her bir baýramçylyklar, toý-dabaralar mynasybetli ýurdumyzda dürli-dürli aýdym-sazly baýramçylyk konsertleri gurnalýar. Ine şeýle konsertleriň biri-de Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň gurnan konsertidir. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen bu konsert örän täsirli boldy. “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestry, “Halk saz gurallary orkestry”, “Kirişli saz gurallar” ansamblynyň mugallymlary we talyp ýaşlary türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Kompozitor Rejep Rejepowyň “Türkmen tansy” we “Söýgi aýdymy”, Nury Halmammedowyň “Haýrana galar”, daşary ýurt kompozitory Ý.Zeronyň “Asmanyň astyndaky aý” atly eserleri bu konserti has-da gyzyklandyrdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bagtyýar Täçdurdyýew hem öz şirin owazy bilen bu konserti has-da gyzyklandyrdy. Bagtyýar mugallymyň ýerine ýetiren türkmen meşhur kompozitory Rejep Rejepowyň “Men seni söýýärin” atly aýdymy bolsa bizde uly täsir galdyrdy.
Biz talyp ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarmyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher
ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA.