Hally bagşy hakynda gepleşik
Ýaňy ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kämil ýoluň ussatlary” atly gepleşigi ussat bagşy Hally bagşynyň ömri-döredijiligi barada, milli öwüşginde bezelen sahnada ýazgy etdiler.
Gepleşikde Türkmenistanyň halk bagşysy meşhur Sahy Jepbarowyň halypasy Hally bagşy barada gyzykly maglumatlar ýatlanyp, aýdan aýdymlary, halypalary, şägirtleri dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada halypanyň döredijiliginden birnäçe aýdymlar ýaňlandy.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat GURBANOW