«USSATDAN» - ussatlyk sapagy

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, konserwatoriýanyň uly mugallymy Wladimir Mkrtumowyň ýolbaşçylyk etmeginde fortepiano hünäri boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Sapaga ýurdumyzyň ýörite sungat mekdeplerinde bilim alýan talyp-ýaşlar we ýaş mugallymlar gatnaşdylar. Halypa mugallymyň sapagynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinden I ýyl talyp Gurbandurdy Nepesow we II ýyl talyp Annadurdy Annadurdyýew hem gatnaşyp öz eserlerinden parçalar ýerine ýetirip berdiler. Ömrüni sungata bagyş eden Wladimir Mkrtumow ýaş sazandalaryň ukyp başarnyklaryna uly baha berip olaryň sazlaryny özi ýerine ýetirip görkezdi we degişli ýerlerine öz degerli maslahatlaryny berdi. Ýeri gelende bellesek, 2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen ýörite sazçylyk we orta hünär sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilen «Ýaşlyk mukamy» atly bäsleşikde fortepiano hünäriniň talyplar Annadurdy Annadurdyýew we Güljahan Rejebowa gatnaşdylar. Olaryň ikisi hem birnäçe zehinli, ukyp-başarnykly deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp baýrakly orunlara, ýagny III orna mynasyp boldular. Bu bolsa mekdebiň zähmetsöýer mugallymlarynyň çekýän irginsiz zähmetiniň, talyplaryň bolsa, tutanýerli türgenleşikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkyna baky bagtyýarlygy peşgeş beren, erkana durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga ýagty ýollary açyp beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

«Fortepiano» bölüminiň mugallymy
 Gurbanaly GAPUROW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm