Bag ekmek dabarasy

2025-nji ýylyň mart aýynyň 22-ne geçirilen bag ekmek dabarasyna Arkadag şäheriniň ähli adamlary işjeň gatnaşdylar. Müňlerçe oturdylan bag nahallaryny ekmäge Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem gatnaşdylar. Mekdebiň talyplary dabaranyň hasda ruhubelentlikde geçmegi üçin guralan konsertda özleriniň aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem köpçülikleýin ýerine ýetirilen tanslara işjeň gatnaşdylar.

                                         “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy 
Kadyrmyrat GURBANOW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm