«Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň baýramçylyk konserti
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, halkymyzyň toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň baýramçylyk konserti geçirildi. Bölümiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan türkmen we daşary ýurt aýdymlary diňleýjiler üçin aýratyn baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Dabaranyň dowamynda diňlenen Nury Halmämmedow «Maraljan», Ata Esadow «Jan enem», Arno Babajanýan «Noktýurn» eserleri has-da aýratyn el çarpyşmalara mynasyp boldular. Bölümde bilim alýan talyp-ýaşlar üçin konsert gazanan üstünliklerini görkezmekde amatly pursada öwrüldi.
Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmakda, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýüzünde ykrar etmekde nusgalyk tagallalary edýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
«ÜKÇSG» bölüminiň müdiri
Gülälek AKMYRADOWA