Arkadag şäherinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Halkara bahar baýramy – täzeden jana gelýän tebigatyň ýene bir tapgyryny we esasy adamzat gymmatlyklarynyň nusgasy bolan Halkara Nowruz güni özboluşly milli däp-dessurlara laýyklykda, Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli dabaralar bilen bellenýär. Ömre-ömür goşýan Milli bahar baýramy Arkadag şäherinde inni ikinji gezek bellenýär.
Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çärede bu gadymy baýramyň ähmiýetini, onuň halklaryň asudalygyny, agzybirligini we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän däp-dessurlaryny giňden halka ýetirildi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy.
"Türkmen milli saz gurallary" bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat GURBANOW