Sahy Jepbarowyň doglan güniniň 120 ýyllygy mynasybetli ýatlama agşamy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz sungatynda uly işleri bitiren şahsyýetleri hatyralamak, olaryň döredijiligini öwrenmek, döredijilik agşamlaryny geçirmek eýýäm asylly däbe öwrüldi. Şeýle döredijilikli ýatlama agşamlarynyň biri ýakynda Türkmenistanyň  halk bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan güniniň 120 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
     Ýatlama agşamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Täçmyrat Kowusowyň “Şat bolar boldy”, “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň mugallymy Meýlis Goçmyradowyň “Ýaýlaklary bar”, şol kafedrasynyň uly mugallymy Magtymguly Magtymgulyýewiň “Pagtaçy gözel” ýaly aýdymlary hem dabaranyň dowamynda ýaňlandy.
     

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm