Arkadag şäherinde alkyşnama ýazgy edildi

   Ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň birinde alkyşnama ýazgy edildi. Bu täsirli çärä Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplary gatnaşdy.
   Çäräniň maksady milli medeniýeti wagyz etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek we Arkadag şäheriniň gözelligini beýan etmek boldy. Sungat mekdebiniň talyplary özleriniň ukyp-başarnyklary bilen çykyş edip, alkyşnamanyň many-mazmunyny çeper beýan etdiler.
     Şeýle dabaralar ýurduň sungat dünýäsiniň kämilleşmegine we ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna uly goşant goşýar. Guramaçylar şeýle çäreleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belläp, talyplaryň döredijilik ruhuny goldamagyň möhümdigini nygtadylar.
"Türkmen milli saz gurallary" bölüminiň mugallymy
 Kadyrmyrat GURBANOW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm