Halkara nowruz baýramyna bagyşlanan konsert

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Bahar paslynyň gelmegi, gözel tebigatyň janlanmagy bilen Halkara nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, ýokary derejede, millilik ruhuna kybap görnüşde bellenilip geçilýär. 
Ýakynda Halkara nowruz baýramy mynasybetli, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Halk saz gurallary bölüminiň” mugallymy Gadyr Aňňadowyň taýýarlamagynda, baýramçylyk konserti ýokary derejede bellenilip geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara döredip beren şert-mümkinçiliklerinden peýdalanyp, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň professional eserleri «Halk saz gurallary» orkestri üçin  täzeden işlenen görnüşinde ýañlandy. Dabaranyñ başynda «Halk sag gurallary» orkestri bilen, mekdebiñ II ýyl talyby Perhatmuhammet Esenowyñ ýerine ýetirmeginde, “Çalsana bagşy!” aýdymy ýañlandy. Soñra dünýä belli nemes kompozitory Iogans Bramsyñ «Wenger tansy» atly şowhunly eseri Röwşen Akyýewiñ we Bagtyýar Mämmedowyñ ýerine ýetirmeklerinde diñleýjilere ýetirildi. Konsertiñ dowamynda türkmen halk sazy “Ýusup owgan”, Rejep Rejebow “Ýalňyz ýoda”, Nury Halmämmedow “Keç pelek” kinofilminden “Duran ýerlere” ýaly ajaýyp eserler talyplaryñ we mugallymlaryñ ýerine ýetirmeklerinde ýañlandy. Bulardan başga-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby, Halkara bäsleşikleriniň laureaty Hijran Jorakulyýewiñ çalan sazy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň IV ýyl talyby Söhbet Maksatmyradowyñ aýdan aýdymy talyplaryñ tejribe alyşmaklaryna örän ähmiýetli boldy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniñ mugallymy, ýaş hünärmen Gadyr Aññadowyñ ýolbaşçylyk etmeginde «Halk saz gurallary» orkestriniñ taýýarlan baýramçylyk konserti kompozitor Omar Igamowyñ “Watanym Türkmenistan” atly ajaýyp aýdymy bilen jemlendi. Onuñ ahyrynda hormatly myhmanlar we ähli diñleýjiler okamana öwrenmäne, döredijilik bilen meşgullanmana açyp beren giñ mümkinçilikleri üçin, medeniýetimiziň sungatymyzyň hak howandarlary, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, abadan ýollardan aýdyň ertirlere ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
«ÜKÇSG» bölüminiň müdiri 
Gülälek AKMYRADOWA


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm