Sergi geçirildi

Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky  Arkadag  şäher ýörite sungat mekdebinde “Görogly” adyndaky Döwlet sirkiniň suratkeşi Mämmedowa Şemşadyň özboluşly aýratyn eserleri we mekdebiň nakgaşçylyk hem-de dizaýn bölüminiň talyplarynyň, türkmen gelin-gyzlarymyza, ajaýyp bahar paslyna bagyşlanan döredijilik sergisi gurnaldy. Sergide reňk öwüşginine çaýylan eserlerde türkmeniň ajaýyp tebigatynyň älemgoşar mysaly sazlaşygy, güller bilen bäs edýän türkmen gelin-gyzlarynyň gözel keşbi esasy orun alýar.
“Dizaýn” bölüminiň bölüminiň mugallymy 
Begsenem HOJANÝAZOWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm