TEGELEK STOL

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze ylmy kitabynyň esasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde geçiriljek tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi 
Duşuşyga Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk we dizaýn” bölüminiň mugallymy B.Hojanýazowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Gyşykow Ahmet Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk we dizaýn” bölüminiň talyby O.Saparowa gatnaşdy. Alyp bardy: Mekdebiň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy K.Gurbanow.
Täze, 2025-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitabynyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirlipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyň hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de  akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilşi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirlen halkara çäreler barada söhbet edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: “Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirjiler we akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edýänler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda her bir türkmen Magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömriniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar” diýip belleýär. Türkmen halkyna, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk we alkyşlarymyzy aýdýarys, döwlet Baştutanmyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edýäris.


“Nakgaşçylyk” we “dizaýn”



bölüminiň müdiri: Nurberdi BATYROW



Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm