Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
Arkadag şäherinde Halkara zenanlar güni ýokary derejede giňden bellenilip geçilýär. Köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol geçirilen dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplardan düzilen sazandalar topary we tans toparlary, şeýle hem aýdymçy mugallymlar özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş etdiler.