Täze gepleşik
Ýaňy ýakynda “Arkadag” teleýaýlymy, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde ussat halypalar hakynda “Kämil ýoluň ussatlary” atly täze gepleşik ýola goýuldy. Gepleşigiň ilkinji sany meşhur Şükür bagşynyň ömri döredijiligi dogrusynda şeýle hem döreden eserleri hakynda ýazgy edildi. Gepleşikde “Türkmen milli saz gurallary”, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymlary çykyş etdiler.
Şükür bagşy Dowat ogly – türkmen sazynyň taryhyna ady altyn harplar bilen ýazylan ussatlaryň biridir. Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşap, daýhançylyk bilen gün güzeranyny dolandyran Dowat aganyň üç oglunyň iň kiçisine Şükür diýen at dakylypdyr. Türkmen sazynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe makalalary, kitapçalary ýazan sazşynas Allanazar Rejebowyň berýän maglumatlaryna görä, Şükür bagşynyň ilkinji halypasy Aly bagşy bolupdyr. Soňra ol meşhur ussa hem sazanda Garadäli gökleňden tälim alypdyr.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat GURBANOW