Kitaplaryň sergisi

    Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde giňden ýaýbaňlandyrylan kitap okamaklygyň bir aýlygynyň dowamynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri Hurma Orazmuhammedowanyň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň taýynlan kitap sergisine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Sergä gatnaşan talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän dür däneleri ýaly ajaýyp kitaplaryny okadylar, şeýle hem nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň dünýä belli eserleri bilen içgin tanyş boldular. Kitaphananyň obserwatoriya otagyna baryp sanly ulgamyň ýokary şertlerinden peýdalanmak arkaly planetalar älemine syýahat etdiler, sungat otagynda, muzeý otagy we giň hem ýagty okalga zalynda ýerleşdirilen kitaplar bolsa, talyp-ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu çäre talyp-ýaşlar üçin ýene bir ýola olaryň köp okamak, bilimli-sowatly adamlar bolmak babatda höwesini artdyrdy. Professional sungatyň ýaş wekilleri üçin örän uly ähmiýete eýe bolan bu çäre “Arkadag” teleýaýlymy tarabyndan ýazgy edildi, mekdebiň talyplary A.Nurlyýewa, Ö.Gulow, R.Babaýew we «ÜKÇSG» bölüminiň müdiri G.Akmyradowa kitaphananyň özlerinde galdyran täsirleri barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bu ajaýyp pursatlar mawy ekran arkaly Watandaşlarymyza ýetirildi. Çärä gatnaşanlaryñ  ählisi okamana, işlemäne, döredijilik bilen meşgullanmana açyp beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. 

                                     «ÜKÇSG» bölüminiň müdiri 
Gülälek AKMYRADOWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm