Halkara baýram
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mähriban enelerimizi, zenanlarymyzy sarpalamak, çagalary terbiýelemekde hem-de köp asyrlyk taryhyň dowamynda kemala gelen maşgala ojaklarynyň abadançylygyny saklamakda olaryň eýeleýän ornuna aýratyn hormat goýmak halkymyzyň ajaýyp ýörelgesidir. Olaryň häzirki döwürdäki bagtyýar durmuşy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr.
Ene ýeri janlandyrýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde baýram edilýän, 8-nji mart Halkara zenanlar güni ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçilýär. Şeýle çäreleriň ýene biri Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň gelin-gyzlaryna pul sowgadyny bermek hakynda gol çeken buýrugyndan ugur alyp, mekdebimiziň ýolbaşçylary tarapyndan, okaýan we zähmet çekýän ähli gelin-gyzlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi okamana, işlemäne, döredijilik bilen meşgullanmana şeýle giň mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredip berýändikleri üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
“ÜKÇSGB” müdiri Gülälek AKMYRADOWA