Kitap okamaklyk aýynyň soňky güni
"Kitap okamaklyk aýynyň" soňky gününde mekdebiň direktory Röwşen Muhammetgulyýewiç çykyş edip, kitap okamaklygyň hem şahsy, hem jemgyýetçilik taýdan peýdalaryny nygtap geşdi. Talyplara kitaplardaky milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri we ruhy mertebesi barada gürrüň berilmegi, olaryň hem öz milletine we taryhyna bolan hormatlaryny artdyrar. Şeýle çäreler, terbiýeçilik ähmiýetini ýüze çykarýar we ýaş nesliň medeni taýdan ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär.
“Kitap okamaklyk aýynyň” mundan beýläk-de her ýyl geçirilmegi, jemgyýetde kitaba bolan islegiň ýokarlanmagyna, şeýle hem talyplaryň ruhy taýdan baýlaşmagyna ýardam eder. Kitaplar, diňe bir bilim almak üçin däl, eýsem, adamzada düşünmäge aýratyn serişde hökmünde hem möhüm rol oýnaýar.