Hakyda göwheri
Mekdebiň “Kirişli saz gurallary” bülüminiň müdiri Şamämmedowa Şähribossan we “Nakgaşçylyk” wc “dizaýn” bölüminiň müdiri Nurberdi Batyrow “Kitap okamaklygyň bir aýlygy” mynasybetli talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabyndan gürrüň berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy medeni ýadigärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Alty bölümden ybarat “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy medeni gymmatlyklaryň köp öwüşginliligine üns çekilýär.
“Hakyda göwheri” atly kitap Milli Lidermiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
“Kirişli saz gurallary” büminiň müdiri
Şähribossan ŞAMÄMMEDOWA