«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň çykyşy
Mekdebimizde giňden ýaýbaňlandyrylan kitap okamaklygyň bir aýlygynyň dowamynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän dür däneleri ýaly ajaýyp kitaplaryň talyp ýaşlara, ýaş hünärmenlere, mugallymlara nusgalyk mekdep bolýandygy aýdyldy. Çykyş edenleriň ählisi okamana, işlemäne, döredijilik bilen meşgullanmana açyp beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri
Gülälek AKMYRADOWA