MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günimiz taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň “MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” atly ajaýyp eseri her bir ýaş nesil üçin terbiýe mekdebidir. Halkymyzyň şöhratly taryhyny beýan edýän bu eser ýaş nesilleri ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynda ynsaplylyk, halallyk, päk ýüreklilik, sahawatlylyk, ýaly arassa ynsanlara mahsus gowy gylyk-häsiýetler barada gürrüň berýär.
Meselem biz bärde Berdi Kerbabaýewiň “Halk şahyry” atly drama eserini mysal getirip bileris. Bu drama eseriniň üsti bilen Magtymgulynyň keşbini dramaturgiýa girizen ilkinji awtordyr. Ussat ýazyjynyň bu eserinde diňe bir Magtymgulynyň keşbini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem öz döwrüniň möhüm temasyna-Watan söýgüsine Magtymgulynyň keşbi arkaly ýüzlenipdir.
  Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna bagyş eden bu ajaýyp eseri her bir ýaş nesliň Watan söýji, päk ynsanlar bolup ýetişmegine şol bir babatda kitabyň gadyr gymmatyna düşünmegine hem giň ýol açýar.  Her bir mugallym hem geljekki ýaş nesle ylyma hormat goýmaklyk kitaba hormat goýmaklykdan başlanýandygyny wagyz etmelidir. Çünki kitap okaýan ynsan täze sahypalaryň üsti bilen täze bir dünýäni açýar. 
    Okamaga, döretmäge halal zähmet çekmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklermizde alkyşlarmyz sena bolup ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary-sag bolsun, başlary dik bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

                “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri,  
                        Ilkinji   Zenanlar guramasynyň başlygy Gülendam  Hapyzowa     

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm