Kitap okamaklygyň bir aýlygy dowam edýär
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär. türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli, parahat söýüjilikli, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy – asyrlara, nesillere serpaýdyr. Islendik bir kitabyň dünýä ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän alamatdyr.
Ynha bugünki gün Gahryman Arakadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän “Garaşsyzlyk – bagtymyz”, “Ömrümiň manysyň dowamaty”, “Ynsan kalbynyň öçmejek ruhy”, “Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Arşyň nepisligi”, “Türkmen alabaýy”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri biz ýaşlar üçin ýan kitabymyza öwrüldi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Kitap okamaklygyň bir aýlygy” mynasybetli 2025-nji ýylyň 22-nji Fewralynda «TMSG» - bölüminiň mugallymlary we talyplary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Ile döwlet geler bolsa”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplaryň manysyny açyp görkezýän pikirler bilen çykyş etdiler.
“TMSG” bölüminiň mugallymy Muhammetmyrat Pürmämmedow “Gündogar ummanynyň dürleri” atly Ferededdin Attaryň kitabyndan birnäçe gyzykly hekaýalary gürrüň berdi. Şeýle-de “TMSG” bölüminiň mugallymy Seýitnazar Mämmedow Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Ile döwlet geler bolsa”, atly kitabyndan türkmen halkynyň sungaty barada giňişleýin talyp ýaşlaryň öňinde çykyş etdi.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň müdiri
Muhammetmyrat PÜRMÄMMEDOW