Kitap ýaşlaryň ylham çeşmesi

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaş” hem-de “Dizaýn” bölümleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň hem-de kitaphana müdiri Hurma Orazmuhammedowa, mugallym Annabegi Emirgulyýewa bilen bilelikde “Kitap ýaşlaryň ylham çeşmesi” diýen tema bilen çykyş etdiler. Bu çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp, syrly setirleriň gymmaty barada talyp ýaşlara gürrüň berdiler. Mundan başgada “Nakgaş” we “Dizaýn” bölümleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy şeýle hem sanly ulgamyň kömegi bilen birnäçe elektron kitaplar bilen tanyşdyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de döwrebap ýazyjy şahyrlarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň sergisi gurnaldy. Çykyşlaryň ahyrynda mugallymlar we talyp ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Kitaphana müdiri Hurma ORAZMUHAMMEDOWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm