Şygryýet bossany

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen 2025-nji
ýylyň 14-nji fewralynda, Arkadag şäherinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň
we
“Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Şygryýet bossany” atly goşgy
düzmekligiň dört şerti boýunça ýaşlar bilen gyzykly gepleşik ýazgy edildi.



  Gepleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher
ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň 1-nji ýyl
talyby Rahat Babaýew, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Altynaý Ataýewa dagylar gatnaşdylar. Olar üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň
sowgadyna mynasyp boldular.

Kadyrmyrat GURBANOW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm