Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Bugün “Nakgaşçylyk” we ”Dizaýn” bölüminiň müdiri Batyrow Nurberdi, “Dizaýn” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Saparowa Ogulşat Hormatly Prizidentimiziň “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň içinden gyzykly maglumatlary talyplara gürriň berdiler.
2024-nji ýylda Änewi Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly manyly eseri çapdan çykdy. Bu eserde esasan Seýit Jemaleddin ýadygärligi barada birnäçe maglumatlar berlipdir. Seýit Jemaleddin ýadygärligi 1456-njy ýylda Seýit Jemaleddin tarapyndan gurlupdyr. Emma 1948-nji ýylda bolan elhenç ýer titremesinde weýran bolýar. Ýöne kitabyň ýüzünde Seýit Jemaleddin ýadygärliginiň doly görnüşi ýerleşdirilipdir.
“Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Saparalyýew Guwançmuhammet bolsa Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy - dost-doganlyk sazy” kitabynyň içinden gyzykly maglumatlary talyplara ýetirdi.
“Dizaýn” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Ogulşat SAPAROWA