Gadymy heňňamyň aýdymy
Gadymy heňňamlar öz owazasyny Äleme ýaýypdyrlar. Şonuň üçinem ynsanlar Asmana söýgi bilen, Zemine hem yhlas edip, ömür ýollaryna şugla çaýýarlar. Çünki Asman-Zemin bitewüligi Oguz han atamyzyň döwletlilik çyragynyň örküdir. “Oguznamalar” gadymy pederimiziň nesillerine ýollan köňül namalarydyr. Atalaryň pendi bolsa, nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir.
Biz atalaryň wesýetine hemişe ygrarly ýaşamagy öz durmuş ýörelgämize öwürdik. Ogzuň baş ündewi agzybirlikdir.
Il-ulsumyzyň ata-babadan gelýän iň ygrarly ýörelgesi agzybirlikdir. Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir. Türkmen il-ulsunda agzybirlik hakda birnäçe atalar sözi, rowaýatlar, tymsallar ýaşaýar. Oguz hanyň il-halkyna öwüdi tymsal bolup, asyrlaryň gatyndan many nuruny saçýar. “Oguznamalardaky” oguz tagmalarynyň emele gelmeginiň hekaýatynyň aňyrsynda uly bir tymsaly ýatandyr. Ogzuň bu tagmalary, saçak edebini ýerine ýetirmegiň düzgün-tertibi türkmen kanunçylygynyň iň gadymy nusgalarydyr diýip hasap edýärin. Çünki anyk kesgitlenen kadalar döwletiň berkararlygynyň iň derwaýys şertli bolup durýar. Halkymyzyň hakyna kaýyllygy, düzgün-tertip babatda juda hatyr-jemligi, edep-ekramlylygy, lebzi halallygy, mertebeliligi öz köküni şol kadalarda berçinläp, häzirki günde il-halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde kämilleşdirip.
Il-ulus agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr.
Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il bähbitli tutumlary durmuşa geçirmekde halkymyzyň agzybirligi oguz döwletliliginiň dowamlylygydyr. Türkmen döwletinde ynsanyň gadyr-gymmaty hemişe belentdedir.
Bu berk ýörelge Türkmenistanyň kanunçylygynda hem öz beýanyny tapdy.
Agzybirlik bagtyň gönezligidir.
Agzybirlik döwletli bolmagyň ilkinji hem birjik-de ünsden düşürilmesiz kadasydyr.
Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem, ilki bilen, agzybirlik bilen baş saglygy bardyr. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär.
Oguz hanyň durmuş ýörelgelerinde tymsal edinmeli ikinji bir ýagdaý onuň öý-ojak garaýyşlarynda ýüze çykýar. Oguz han nirä barsa-da, bidüzgünçilige ýol bermezligi berk kada edinýär. Öýler çapawullanyp, adamlara howp salmaýarlar. Ýörişe baran ýerlerinde şähere girmän, goş ýazdyrýarlar. Oguz han ol ýerde öý tutunýar. Şol ýerde özüniň nähili kabul ediljekdigine garaşyp oturýar. Eseriň dürli nusgalarynda Ogzuň ýörişlerinden soň, uly toý tutýandygy, şonda onuň altyn ukly öý gurýandygy söhbetleriň dowamynda beýan edilýär. Oguz han uzak ýörişdekä, öz il-ýurduny ýatlap, “nagty barka, amanata” ymtylyp ýörmegi uslyp bilmän, öýüne dolanmagy hyýalyna getirmegi, halkymyzyň öýe örküň baglydygyna, ondan ara üzüp bolmaýandygyna pugta ynamynyň türkmen halkynyň tebigatyndandygyny äşgär edýär.