“TERBIÝÄNIŇ ÇEŞMESI - KITAP”
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda “Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolýandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň bir aýlygyny yglan etsek, has göwne makul bolardy” diýen paýhasly başlangyjyndan ugur alyp Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi 2025-nji ýylyň fewral aýynyň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda “Terbiýäniň çeşmesi - kitap” ady bilen talyplaryň kitap okamaga bolan höwesiniň artmagyny gazanmak maksady bilen kitap okamagyň bir aýlygy dowam edär. Bugün bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Pürmämmedow Muhammetmyrat, Gurbanow Kadyrmyrat Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyna salgylanyp kitap okamygyň adama nähili täsirleriniň barlygy hakynda talyplara gürriň berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow
ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY
Terbiýäniň özeni ylym bilimdir.
Müňýyllyklaryň durmuş hakykatyny özünde jemleýän, taryhy wakalary bir sözde teswirleýän bu paýhas nesillerimiziň belent häsiýetlere eýe bolmaklary hem-de olaryň bagtly geljegi üçin zerur bolan esasy aýratynlyklarymyza ünsümizi jemleýär. Beýikligiň, bagtyýarlygyň gözbaşynda terbiýe bar. Ýagşy häsiýetler ynsanyň özüni, ýagşy amallar bolsa onuň ömrüni bezeýär. Her kimde ajaýyp häsiýetler näçe köp boldugyça, onuň il arasyndaky alkyş-abraýy, hormat-sylagy hem artmak bilen bolýar.
Pederlerimiziň paýhasyna görä, ynsanlar häsiýetleri babatda üç topara bölünýär. Birinjisi diňe özüni bilýänler, ikinjisi öz bähbidini unutmazdan özgelere zyýan etmeýänler, ýagny özgelere hem bolmagyny isleýänler, üçünjisi il bähbidini öz bähbidinden ýokarda goýup bilýänler.
Ata balarymyz şeýle bir pähim bar: «Azygyňa görä, gurbat gelýär. Niýetiňe görä, gaýrat gelýär. Ynamyňa görä, kuwwat gelýär. Yhlasyňa görä, üstünlik gelýär». Ömrüň üstünlikden doly täze sahypalaryny açmak üçin iň esasy zat başlamak gerek Başlamagyň hem ähmiýetli üç şerti bar: birinjisi, wagtynda başlamak. Ikinjisi, başarjakdygyňa ynanyp başlamak. Üçünjisi, iň möhümi, dessine başlamak.
Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň bir aýlygyny yglan etsek, has göwne makul bolardy.
Bir aýlykda ýurdumyzyň ähli ýerinde: mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, kitaphanalarda, medeni ojaklarda, edara-kärhanalarda kitap bilen bagly çäreler geçirilse, iň möhümi bolsa - öýlerde kitap bilen baglanyşykly söhbetler, gürrüňler edilse ýerine düşerdi. Ata-eneler çagalary bilen bilelikde kitap dükanlaryna aýlanyp, olaryň okasy gelýän kitaplaryny satyn alyp, sowgat etseler, çagalara ýakymly bolar. Öýde bir kitaby bilelikde okap, onuň many-mazmuny hakda maşgala bolup pikir alyşmagam ähmiýetli bolardy. Bu maşgaladaky agzybirligi hem berkidýän Çünki kitapda keramat bar. Ýene bir zady ýörite aýdasym gelýär, muny öňki alymlaram belläp geçipdirler. Öz zähmet we durmuş tejribämde hem göz ýetirýärin. Ýaşulular hem muny tassyklaýar: kitap okalýan öýüň rysgal-berekedi köp bolýar. Şol bir aýlygyň dowamynda çeper okaýyşlar gurnalsa, diňe kitap hakyndaky pikir alyşmalar, birek-birege kitap sowgat bermek ýaly asylly we haýyrly işler ýola goýulsa, bu sogaply amal jemgyýetimiz üçin ähmiýetli ýörelgä öwrüler.