Kitap okamak endiginiň peýdalary

                            

“Bugün siz bilen kitap okamak endiginiň bize peýdalary näme? Diýen soraga jogap bermekçi” diýip “Kitap okamaklygyň bir aýlygynyň” çäklerinde talyplar bilen geçirilýän söhbetdeşlikde “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Annaýew Annageldi kitap okamaklygyň peýdalary barada gyzykly maglumatlary talyplara ýetirdi. Soňra “fortepiano” bölüminiň mugallymy Gurban Gapurow Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly ajaýyp eserinden aýdym-saz sungatyna degişli maglumatlar bilen çykyş etdi.

                              Kitap okamak endiginiň peýdalary
1. Kitap okamagyň bize gazandyrýan iň uly artykmaçlygy söz baýlygynyň köp bolmagy.
Islendik ýaşdaky mekdep okuwçy ýada talyp bolsun siziň 1-nji artykmaçlygyňyz çenden aşa köp söz bilýänligiňiz we söz baýlygyňyzy arkaýyn ulanmaklygyňyz.
Islendik ýerde islendik meselede bolsaňyz, sakawlaman ýokary bilimli adamlar ýaly arkaýyn söz baýlygyňyzy giňişleýin ulanyp bilýärsiňiz. Esasan kimdir birine bir wakany düşündirjek bolsak söz baýlygyňyzy näçe köp ulanyp bilýän bolsaňyz bu siziň köp kitap okaýanlygyňyzyň subutnamasy bolup durýar.
2. Sizde duýgudaşlyk duýgusy döredýär.
Ýagny garşymyzdaky adamyň ýerine özimizi goýup bilmek. Eger şony başarýan bolsak oň ýagdaýyna has gowy düşüneris. Esasan adamlar bilen işleşmeli bolýan bolsak onda köplenç şu duýgyny hökman ulanmaly bolýarys. Kitap okaýan adamda şu duýgy uly möçberde bolýar.
3. Beýnimiziň bekemegi. Türgenleşmegi. Beýnimiziň damarlarynyň bekemegi.
4.Kitap okaýan adamyň şahsy nukdaýnazarynyň kesgitlenmegi ýagny öz pikiriniň bolmagy. Öz pikirini özi beýan edip bilmegi.Haýsydyr bir şahsyýetiň ýa başga biriniň dälde öz pikiriniň orta çykmagy.
5. Zehiniň öňüni açmaklygy.
Köp kitap okamak köpbilmişlik däl hakykatdanam tankydy pikirlenýän derejede köp bilmek, biz ony şu şekilde kabul edeliň. Sebäbi köp kitap okamak köp maglumat bilmek, ýerlikli ulanmak diýip bileris. Şol sebäpli hem köp maglumat bilmek köp kitap okamakdan geçýär bu eýýäm zehiniň öňüni açmak bolýar.
6. Nerwi öýjükleriniň yzygiderli täzelenip durmagy.
Bilşimiz ýaly endamymyzdaky öýjikleriň täzelenip durmagy bar şonyňýaly hem kitap okamak bilen nerwi öýjüklermizi hemişelik ulanyp durýarys we öýjikleň täzelenip durmagyna sebäp bolýar.
7. Netijeli pikirlenmek.
Islendik işde islendik hünärde bolsagam pikirlenmek çözgide barmak, gysga wagtyň içinde çözgidi tapmak, hatda gysga wagtyň içinde dogry netijä barmak köp okaýan adamlaryň iň birinji aýratynlyklarynyň biridir.

8. Ýatkeşligiň artmagy
Bir tarapdan seredemizde informasiýa banky ýaly diýip aýdyp bolar köp okaýan adamlara. Eger bir zat sorasaň plan kitapda ýa plan ýerde bardy diýip jogap berip bilerler. Olarda hökman şu aýratynlyk bardyr.
9. Aň ýetirjiligiň çaltlanmagy.
Eger  okuwça adatdan daşary bolmaýan ýönekeý bir zat düşündirýän bolsaňyz we okuwçynyň çalt öwrenmegini isleýän bolsaňyz onda 1 nji tapawutlanýan şodyr. Olaň aň ýetirjiligi örän çaltdyr. Käbir zady 3-4 gezek gaýtalamak islemeýärsiňiz we garşyňyzdaky adamyň çalt düşinmegini isleýärsiňiz. Olaryň aň ýetirjiligi adatdakydan çalt bolýar.
10. Ders başarnygynyň artmagy, has gowy we çalt bolmagy. Ýagny yzygiderli şol prosesiň dowam edýänligi üçin.
11. Stres, alada, gaýgylaryň kitap okaýan adamlarda az bolmagy. Başgaça aýdanymyzda howsala düşjek derejede, uly galmagallaryň gohlaryň stresleriň bolmazlygy, giň göwünli bolmagydyr.
12. Huş ir gitmeýär.
Adam garradygyça huş gidýär, ýakyndan tanamaýar, köp zady çalt ýatdan çykarýalar. Agzaýmer keseli adatdaky ýagdaýdan has giç gelýär ýada kitap okaýanlarda az duş gelýär.
Günde 3 sagat. 1 ýylda 1095 sagat
Ortaça şol wagtda 25 kitap okap bolýar, ýada 1 dili ortaça öwrenip bolýar.
Eger bir çaga ýylda 15 kitap okasa şol okuwçyda hiç hili mesele döremeýär. Hemmezady ýerbeýerdir. Arza şikaýatam gelmeýär. Sebäbi ol 15 kitap okaýar. Ösüşi dowam etdirýär. Özem şoň parhynda.
Iň köp kitap okaýan ýurt Ýaponýadyr. Ýylda 25 kitap okaýarlar.
10 kitap okaýanlaň gatnaşýan dostlary, joralary 10 kitap okaýanlardyr. Sebäbi düşinje deň gelýär bir-biriniň degişmesine düşinýär öýkeleşmeýärler.
Eger 1095 sagatdy kitaba ýa dil öwrenmege sarp edilse siz täze bir adam, ýagny başga bir adam diýmekdir.

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 
                                                   Annageldi ANNAÝEW 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm