«Hünärim bar – hormatym bar»

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.
Bäsleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň tary we nazaryýeti” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Artykowa Dürsoltan hem gatnaşyp toparlaýyn bäsleşikde ikinji oruna mynasyp boldylar.
Zenanlarymyzyň pederlerimizden galan nusgalyk däplerine, waspy dünýä ýaň salan gadymy milli nagyşlarymyzyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip, şu günlere ýetiren ene-mamalarymyzyň tikinçilik sungatyna bolan belent söýgüsini halkyň arasynda ýaýbaňlandyrmak, olaryň gymmatly baý iş tejribelerini açyp görkezmek, päk ýürekden zähmet çekýän zenanlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek şu bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.
Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan täze özgerişleri, türkmen halkynyň milli özboluşly aýratynlyklaryny, ýurdumyzyň zenanlarynyň erkana işlemegi, hünär öwrenmegi, telekeçilik bilen meşgullanmagy, tikinçilik, el işlerine ussat zenanlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem tikilýän milli lybaslaryň özboluşly aýratynlyklary, ýaşlaryň arasynda el işlerine bolan höwesi artdyrmakda alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan gelin-gyzlar öz aralarynda bäsleşdiler. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde emin agzalarynyň ses bermegi esasynda ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm