TÜRKMENISTAN BITARAPLYGYŇ – MEKANY
Kitap okamaklygyň bir aýlygynyň dowam edýän günlerinde mugallymalar, talyplar bu gezek Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany atly ajaýyp kitabyna salgylanyp, talyplaryň öňinde täsirli çykyş etdiler.
Şu günüňi gazanmak üçin düýnki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek. Ertiriňi gazanmak üçin hem şu günki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek! Şeýleräk bir mysal getirsem, ýerine düşer diýip pikir edýärin. Müň ýyllyk çynarlar hiç garraman, görnükli hem kuwwatly sütünleri bilen bakylyk nyşany ýaly bolup, sarsman, saýa salyp otyrlar. Ýa-da baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyryp, dik ýokary ösýän derek agaçlaryny göz öňüne getiriň! Olaryň şahalary asmana ümzük atýar, güýçli kökleri bolsa, daşyndan seretseň, zeminiň çuňluklarynda görünmän galýar. Eýsem-de bolsa, daragty ýaşadýan şol kökler, keramatly kökler ahyryn!
Şuny mysal getirmek bilen, taryhyň dowamynda döredilýän durmuş ulgamy hem şonuň ýalydyr diýmekçi bolýaryn. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda arzuw edip ýeten mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy taryhy gözbaşlara, gady- my hem mizemez köklere daýanýar. Muny ösüşlerimiziň her pursady görkezip durandyr. Geljegimiz hem şu günki ösüşlerimize, şu günki taryhy pursatlarda öz durmuşymyzy gurnap, ösdürip bilşimize baglydyr. Şonuň üçin biz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza buýsanç bilen ýaşaýarys, bu mukaddesliklerimizi goramak hem ösdürmek ugrunda tagalla edýäris. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk il-halkymyz üçin şanly geljegiň täze gözbaşydyr, biziň ebedi ýolumyzdyr, ýene bir gezek nygtap aýtsam, döwletliligimiziň goşa ganatydyr, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydyr.
Türkmen döwleti özüniň gazananlaryny dünýäde has-da rowaçlandyrar. Il-halkymyzyň mertebesi üçin erkanalykdan, asudalykdan, ýurdumyzyň nuranalygyndan, eldegrilmesizliginden gymmatly zat ýokdur. Biziň barlygymyz, baýlygymyz, bagtymyz, buýsanjymyz şunuň bilendir’ Bu deňsiz-taýsyz gymmatlyklar ata-babalarymyzyň maksat-myrady bolup, ynanjy bolup, söýgüsi hem buýsanjy bolup, at-abraýy hem şöhrat-şany bolup, ebedilik bolup, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip ýaşap geldi.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türkmen halkynyň dünýä halklary bilen deňli-derejeli, dost doganlyk gatnaşyklaryna, Türkmen döwletiniň öz milli tejribesine we şonuň esasynda gazanýan üstünliklerine daýanyp dünýä çykmagyna, dünýä tejribesiniň öz ýurdumyzda ornaşdyrylmagyna uly mümkinçilikler döre- di. Munuň özi ykdysadyýetde düýpli özgerişlikleriň başlanmagynda, milli ruhy gymmatlyklar babatdaky garaýyşlarda, ylym-bilim ulgamyndaky ösüşlerde aýdyň ýüze çykdy. Watan söýgüsi bilen uly güýje, synmaz erke eýe bolan ildeşlerimiz döwletimiziň saýlap alan ýolunyň dogrudygyna jany-teni bilen uýdy. Bu ýola öz gel- jegini ynamly baglady. Türkmen durmuşynyň özeni bolan, ýaşaýyş tejribesinde müdimi orun alan dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri barha rowaçlandy we halkymyzyň abraýyna abraý goşdy, döwletimiziň geljege gönügen garaýyşlarynyň esasyny kesgitledi. «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak», «Dost dostuň aýnasy» ýaly ajaýyp nakyllary döreden ata-babalarymyzyň paýhasy bilen tutuş dünýä ýüzüne dostluk ýollary açyldy. «Dogan dogana gala» diýýär türkmen. Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris. Eger-de dünýäniň ähli ýerinde şu paýhasa uýlup durmuş ýöredilse, onda ýurtlaryň biri-birine ysnyşygy, ynanyşmagy has artardy, biri-biri bilen hyzmatdaşlygy has giňelerdi, adamzat üçin dünýä rahatlyk, abadançylyk, eşret hem bagty ýarlyk galasy bolardy.
“Nakgaşçylyk” sungaty bölüminiň mugallymy Begsenem HOJANÝAZOWA