Dünýäde hiç haçan soňlanmaýan baýlyk ruhy baýlykdyr
Manynyň maňzy ruhy özeniň aslyna ýetmekdedir. Bu dünýäde öwrenmek, bilmek ýaly datly tagam ýokdur. Adam bütin ömrüniň dowamynda öwrenýär: durmuşy, ýaşaýşy, pähimi, ylmy, endigi özleşdirmegiň aladasynda ýaşaýar. Şol hem maksatly ýaşaýşy üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. Işine ussat kişi tejribesini kämilleşdirip, onuň hünäri köpe gerekli bolar. Ýöne ol öz barlyk dünýäsiniň ýagdaýyny saklamak üçin ömür öwrenip gezýär. Wagt tapmasaňam öwrenmeli. Käte öwrenmek islegi, iýip-içmek islegindenem beter ýüregiň kararyny alýar. Şonda-da öwrenip, hiç haçan zyýana galan ýok. Türkmençilikde “Hünäri öwren-de, ýigren” diýilýär. Sözlemiň ikinji bölegi ýerine ýetirilmelidigi ýanjalyp durulmaýan närseler hakynda diýip pikir edýärin. Sebäbi öwreneniň – seniň baýlygyň. Isleseň, ony içiňde ýaşyrynlykda sakla, isleseňem, äşgär et. Ile bilýäniňi ýetirmäge höwesiň seniň ýürekden öwrenenleriňi peýdasyz bir zat edip goýmasyn. Magtymguly atamyz bu pikiri şeýle ösdürýär: “Hyzmat etmek hara döner, gadryň bilnmegen ýerde”. Seniň bilýäniň baýlygyň, onuň arzysynyň barlygyny aňlamak hem baýlykdyr.
Seniň öwreneniň äşgärliginiň bu gün däl, soň bir gezekde haýrynyň ýetjegini aňsaňam, ynjal-da, herekete girgin. Biziň bir wagtda syýasatçy, binagär, mugallym, alym... derejede ykrar edilmezligimizem ähtimal. Ýöne öz döwrüň wajyplygyndan geregiçe baş çykaryp bilmek welin, her bir raýat üçin hökmandyr. Gadymy döwrüň alymlarynyň işlerini okanymda, käte şular hakynda pikirlenýärin. Horezmi, Biruny, ibn Sina, Faraby, Omar Haýýam her bir ugurdan hem döwrüniň ruhuny duýan, şonuň esasynda hem, paýhasyny kemala getirmäge gönüden-göni gatnaşan beýik şahsyýetler diýip, olaryň köp taraplaýyn ylmynyň syrlaryna düşünmäge hyýal edýärin. Adam bolmagy alym bolmakdan hem müşgillik edip goýan ata-babalarymyzyň şol beýik şahsyýetlere “akyldar” diýmeginiň, şol “akyldarlaryň” bolsa, asyrlaryň synagynda synman, gaýtam ýüzüni açýanlygynyň haýran galdyryjylygy meni gaýta oýlandyrýar. Onsoň, özümçe, olaryň pikirden, pähimden many almaga ussat bolup parhlanandyklaryny ilki ykrar edýärin. Munuň özüni men “ruhuň tebigy ösüşi”, “sap logika” diýýän ýaly jümlelerde teswirlärdim. Gündogaryň dünýä belli akyldarlarynyň şöhratlanan döwründe mirasymyzyň olaryň ruhy daýanjynyň sütüni bolandygyna ynanýaryn.