«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Kitap okamaklygyň bir aýlygy” gyzgalaňly dowam edýär. Talyplar haýsy hem bolsa bir kitabyň many-mazmunyna has içgin düşünmekleri üçin mekdebiň mugallymlary yzygiderli çykyş edip durýarlar. Ynha bugünem “Üfleni we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň müdiri Akmyradowa Gülälek Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynyň içindäki gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara gürriň berdi.