Magtymguly Pyragy-Köňülleriň şamçyragy

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň sagdyn bedenli, sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin uly aladalar edilýär.
   Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy”, “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, ýaly eserleriniň üstini ýetiren “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Bu ajaýyp kitap halkymyzyň hemde nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Täze kitap geçmişiň beýikligi bilen şu güniň okgunly ösüşini birleşdirýän özboluşly köpri.
     Kitabyň “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar”, “Hakyň hem hakykatyň ýolunda”  diýen bölümlerinde akyldar şahyrymyzyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyny beýan edýän bu eser ýaş nesilleri ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. 
Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan biz ýaş mugallymlar üçin görelde hemde nusgalyk bolýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygmyzy bildirýäris, alkyşlar aýdýarys !
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !
                                                                  
                                                              Gülendam  Hapyzowa     
                   “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri,  
                        Ilkinji   Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm