Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgeleri esasynda ýola goýulan “Kitap okamaklygyň bir aýlygynyň” çäklerinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konsert zalynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň many-mazmuny talyplara giňişleýin düşündirmek üçin mekdebiň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary Muhammetmyrat Pürmämmedow, Merjen Hojagulyýewa dagy çykyş etdiler.
 Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň many-mazmuny, ilkinji nobatda, halkyň duýgy-düşünjesiniň, milli däp-dessurlarynyň uzak asyrlaryň dowamynda döwürleriň medeni-ruhy ýörelgesi bolup hyzmat edendigine ünsi çekýän bolsa, ikinjiden, halkyň durmuşa ukyplylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan, hemişe döwrebaplyk mahsus bolan medeni-ruhy gymmatlygynyň umumy adamzat bähbitli miras hökmündäki ähmiýetini hem dünýä ýaýýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda türkmen medeniýeti diýen düşünje jemgyýetiň we şahsyýetiň taryhy ösüşiniň dowamyndaky häsiýetli aýratynlyklarynyň görkeziji guraly bolup çykyş edýär. Bu ýagdaý hem-ä türkmen däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri arkaly kemala gelen durmuş ölçeglerini şöhlelendirýär, hem-de uzak asyrlaryň dowamynda adamyň durmuş üpjünçiligi ugrundaky maksatlarynyň, ukyp-başarnygynyň we mümkinçilikleriniň amala aşyrylyşynyň jemgyýete bolan gatnaşygyny alamatlandyrýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm