Gahryman Arkadagymyzyň kitaplar hazynasy

Islendik bir kitabyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Sebäbi, kitap – kämilligiň gözbaşy. Ynha, bugünki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän “Garaşsyzlyk-bagtymyz”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Ynsan kalbynyň öçmejek ruhy”, “Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy”, Atda wepa-da bar, sapa-da”, Arşyň nepisligi”, “Türkmen alabaýy”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly ençeme kitaplaryň awtory hökmünde  dünýäde giňden ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, giň ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan kitaplary bilen halkymyza aýratyn hem talyp ýaşlara egsilmez şatlyk paýlaýar. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar. Şonuň üçin olar ýaşlarymyzyň iň bir söýüp okaýan eserleri, kitap hazynasynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýup, olara bagyşlap ençeme eserleri döretdi. Ol eserler okyjylaryň, aýratyn hem, ýaş okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. 
Aýdym-sazlary, dessanlary, gadymy saz gurallaryny miras goýan  ussatlar barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän  “Ile döwlet geler bolsa...” atly  kitaby türkmen halky üçin  ajaýyp uly ylmy gollanmadyr. Bu gymmatly eser  2015-nji ýylda  çapdan çykdy. Kitabyň mazmuny  girişden we ýedi bölümden ybaratdyr. Bu kitapda “Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyňgadymy gözbaşlary”, “Türkmen mukamlary”, “Türkmen medeniýetinde  bagşylaryň orny”, “Halypa-şägirtlik däpleri”, “Türkmenistanda kompozitorçylyk mekdebiniň kemala gelmegi”, “Berkarar döwletiň  bagtyýarlyk döwrüniň  aýdym saz sungaty”, “Meşhur türkmen bagşy-sazandalary”  diýen bölümlerden ybarat. Gahryman Arkadagymyz “Ile döwlet geler bolsa” kitabynda  “Aýdym-saz adamyň bütin ömründe onuň ýakyn ýarany bolup, ol jadyly sungatda iň beýik, iň inçe ruhy duýgularynyň beýanyny tapýar. Aladaly gününde aýdym-saz oňa teselli bolýar, şatlygyna şatlyk goşup, geljekgi işlerine ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Aýdym-saz adamyň inçe duýgularyna täsir edip, ol adam saglygyna we hal-ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär. Jemgyýetiň ruhy taýdan kämilleşmeginde aýdym-sazyň tutýan orny biçak uludyr. Ol adam kalbynda täsin gözellik duýgularyny oýarýan jadyly güýçdir” diýip sazyň täsirini belläp geçýär.
        Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan Ynsan hakdaky iň belent oý-pikirler, aýdyň taglymatlar halkyň söz we saz mülkünde orun alypdyr. Şonuň üçinem sözüň täsirinde gudrat, sazyň täsirinde jady bar. Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “Söz – köňlüň aýnasy, saz – göwün syrdaşy. Ynsanyň saza we söze söýgüsi – onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Olaryň köňli sahawatlydyr, olar hemişe haýryň tarapyndadyrlar, döwletli işe mübteladyrlar. Şeýle adamlary nazarlarynyň nurlulygyndan aňyp bolýar. Ruhy dünýäsiniň baýlygy ynsanyň daşky keşbini nurlandyrýar. Olar päk ýürekli, maksady aýdyň ynsanlardyr. Gadymy kitaplarda ýazylmagyna görä, her paslyň hem özüne kybap sazy bolup, kime, haçan, nähili ýagdaýda, nähili sazyň oňat täsir etjekdigi aýdyň kesgitlenilipdir” diýip sazyň täsiri barada dürdäne setirleri bilen belläp geçýär. Kitapda türkmen haklynyň milliligi, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz sungaty özboluşlylygy bilen jemlenipdir. Kitapda taryh sahypalarynyň öňe çykaran Oguz han, Baýram han, Şükür bagşy ýaly beýik şahsyýetlerimiz barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu maglumatlaryň hemmesinde –de türkmen halkynyň parahatçylyk pelsepesi açyp görkezilýär. Parahatsöýüjilik milli gymmatlyklarymyzyň, gadymdan gelýän ýörelgelerimiziň beýany bolup orta çykýar. Şeýle ýörelgäniň esasynda bolsa halkyň erk-islegi hasyl bolýar.
        Milli Liderimiziň bu kitaby sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr. Biziň halk aýdym-sazlarymyz dünýä akyl ýetirişimizi giňeldýär, sebäbi onda halkyň ruhynyň ömri bar. Bu sazlar adam duýgusynyň göze ilmez, dile ilmez tilsimlerini, öwüşgünlerini beýan edýär.
           Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz tagallalary  bilen ak mermerli Arkadag şäherimizde, paýtagtymyzda,  ýurdumyzyň  welaýat  merkezlerinde  täze  döwrebap  muzeýler, kitaphanalar  şeýle-de medeniýet öýleri hem  gurlup  ulanylmaga berildi.  Biz medeniýet we sungat işgärleri – şeýle  ajaýyp  döwürde işleýändigimize  buýsanýarys. Ýurt baştutanymyzyň yglan eden Berkaralyk döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sazynyň, milli saz senetlerimiziň halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakdaky, bagtyýar  ýaş nesliniň kalbynda joşgun döretmekdäki orny has-da belentdir. Bizi  bagtly  günlerde ýaşadýan  we  röwşen  gelejege  ruhlandyrýan Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň  janlary  sag, başlary  dik,  il – ýurt  ähmiýetli  işleri  hemişe  rowaç  bolsun!


“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 
mugallymy Emirgulyýewa Annabegi

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm