“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy
Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” we “dizaýn” bölüminiň müdiri Nurberdi Batyrow şeýle hem “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Şamämmedowa Şähribossan we şol bölümiň 2-nji ýyl talyby Akmämmedowa Gülhatyja “Kitap okamaklygyň bir aýlygy” mynasybetli Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, atly kitabyndaky “Parahatçylyk döretmek sungaty” atly bölüminden talyp ýaşlara giňişleýin gürriň berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýar. Ata – babalarymyzyň, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu gün Bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýar.
Kitapda türkmen halkynyň milliligi, parahatçylyga bolan söýgüsi, saz sungaty özboluşlylygy bilen jemlenipdir. Kitapda taryh sahypalarynyň öňe çykaran Oguz han, Baýram han, Şükür bagşy ýaly beýik şahsyýetlerimiz barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu maglumatlaryň hemmesinde-de türkmen halkynyň parahatçylyk pelsepesi açylyp görkezilýär. Parahat söýüjilik milli gymmatlyklarymyzyň, gadymdan gelýän ýörelgelerimiziň beýany bolup orta çykýar.
Milli Lidermiziň bu kitaby sazyň, söziň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr. Kitapda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestine ýüzlenilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eser esasynda düşirlen kinofilmi ilkinji gezek çaga wagty görendigini, onuň özüne uly täsir edip, ondaky wakalaryň ýüreginde mydamalyk galandygyny aýdýar.
Şükür bagşynyň esasy “ýaragy” – dutary, sazy hem çuňňur paýhasy. Ol dawa-jenjeli söweş ýoly bilen dälde, parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapynda Halkymyzyň dutar hem söz bilen bagly durmuş ýörelgesini Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda şeýle beýan edýär: “Söz - köňlüň aýnasy, saz – göwün syrdaşy. Ynsanyň saza we söze söýgüsi – onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Olaryň köňli sahawatlydyr, döwletli işe mübteladyrlar”. Milli Lidermiziň bu kitaby sazyň, söziň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýanydyr.
“Nakgaşçylyk” we “dizaýn”
bölüminiň müdiri: Nurberdi Batyrow