“Hakyda göwheri”

Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň müdiri Maksat Annagulyýew “Kitap okamaklygyň bir aýlygy” mynasybetli talyp ýaşlara Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydygyny şeýle hem kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýänligini giňişleýin düşündirdi. 
Kitap alty bölümden ybarat bolup “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köp öwüşginliligine üns çekilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri talyplaryň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm