Ýaşlar watanyň röwşen geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda ‘Biz her ýylyň sentýabr aýynyň ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolýandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy” diýen paýhasly başlangyjyny tüýs ýürekden kabul edip, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde 2025-nji ýylyň fewral aýynyň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda kitap okamaga bolan höwesiň artmagyny kämilleşdirmek maksady bilen kitap okamagyň bir aýlygy dowam edýär. Bu gün bolsa mekdebiň mugallymy Akmyradowa Gülalek çykyş etdi. Mugallym özüniň taýynlan çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň talyp ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ýokarydygy barada gürrüň berdi.
Kitaphana müdiri:
Hurma ORAZMUHAMMEDOWA