Ahal teke bedewi—Beýik Galkynyşyň ganaty

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:                             

                            Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni
                            haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň
                            naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz 
                             halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr.


Ahal teke bedewi—Beýik Galkynyşyň ganaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan ösüş-özgerişlikler bedew bady bilen ölçenilýär. Milletimiziň ruhuny beýgeldýän, şöhratyny bütin äleme ýaýýan gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz parahatçylygyň we gözelligiň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilip, olaryň şöhraty has-da arşa galýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda: Bilşiňiz ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bugünki günde kämilleşdi “Galkynyş” toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler. “Galkynyş” topary ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp boldular. Dünýäniň çar künjeginde türkmen tugyny belende göterdiler. “Galkynyş” topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup dünýä çempiýony diýen belent derejä eýe boldular. 
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylymy-ömüçilik merkeziniň, Görogly adyndaky atçylyk sirkiniň döredilmegi bedewlermiziň şan şöhratynyň arşa galmagyna uly itergi berdi.
Ýaňy ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde meşhur topara şöhrat getiren baýraklarynyň üsti sirk sungatynda iň abraýly baýrak bolan Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň baş baýragy bilen ýetirildi. Özlerine bildirilen belent ynamy abraý bilen ödäp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýyna mynasyp serpaý ýapan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan beýik ýeňişi bilen  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm