“TERBIÝÄNIŇ ÇEŞMESI - KITAP”
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda “Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolýandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň bir aýlygyny yglan etsek, has göwne makul bolardy” diýen paýhasly başlangyjyndan ugur alyp Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi 2025-nji ýylyň fewral aýynyň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda “Terbiýäniň çeşmesi - kitap” ady bilen, talyplaryň kitap okamaga bolan höwesiniň artmagyny gazanmak maksady bilen, kitap okamagyň bir aýlygyny yglan etdi.