“HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY”

           Halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar. Ýurdumyzda her ýyl täze ýyla döwrebap at goýmaklyk däbe öwrüldi. Şeýle ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr gymmatyny giňden açyp görkezýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Täze 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyllygynyň giňden bellenip geçiljekdigi, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler geçirmeklik meýilleşdirilýär. Şu gün hem Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly çärä Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktory gatnaşdy. 

         Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. 

         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy – asyrlara, nesillere serpaýdyr. 

              “Sazyň taryhy we
nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 

  Annabegi EMIRGULYÝEWA


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm