Halypa hatyrasy

Dutar sazlary asyrlaryň owazyny bize ýetiren milli senedimizdir. Ussat bagşy-sazandalarymyz bu gudratly senede erk edip, türkmeniň taryhy durmuşyny aýdymdyr sazlaryň üsti bilen beýan edip geldiler. Köňülleriň ruhuny göterýän bu sungat halypadan şägirde geçip, arkama-arka aýlanyp, türkmeniň toýuna bezeg, gamly gününe teselli, baýramçylyklaryna şowhun berip geldi.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” umumy adamzat ähmiýetli aýdymdyr sazlary bilen dünýä meşhur bolan bagşyçylyk sungaty mynasyp bahasyna eýe bolýar. Häzirki döwürde halkymyzyň ömürlik hemrasy bolup gelen milli aýdymdyr sazlarymyzy, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny, özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan halypalaryň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny dünýä ýaýmak babatynda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzda halypa bagşy-sazandalara goýulýan sarpa uly. Bu ugurda hatyralary belent tutulýan bagşy-sazandalarymyzyň döredijilik mirasyna bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň medeniýet ministrligi, Arkadag şäher häkimligi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan “Halypalaryň ussatlyk mekdebi” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.  Üstünliklere beslenen dabaraly çäräniň dowamynda D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk , Arkadag şäher çagalar sungat, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat we Ahal welaýat ýörite sungat mekdepleriniň Bagşyçylyk sungaty boýunça mugallymlary Sahy Jepbarowyň öz döreden we türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Bu medeni çäre medeniýet-sungat işgärleriniň we halypalaryň many-mazmuna ýugrulan çykyşlary bilen utgaşdy.  Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulysy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew, Türkemenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow, Türkmensitanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Sahyberdi Jepbarow söz sözlediler. Olar öz çykyşlarynda ussat halypanyň baý saz sanawy, ýetişdiren şägirtleri, durmuş we döredijilik ýoly barada täsirli gürrüňler berdiler. Ýaňlanan aýdym-sazlar we çykyşlar konserte gatnaşyjylarda juda täsir galdyrdy. 
Dabara gatnaşanlar milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypalaryň döredijiligini öwrenmek we olaryň mirasyny halk köpçüligine ýaýmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
                   
Lälezar Türjanowa, 
Sahy Jepbarow adyndaky 
Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm