«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň hasabat konserti
25-nji dekabrda, Täze ýyl baýramçylygynyň uly şatlyk şowhun bilen bellenilýän günlerinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň hasabat konserti geçirildi. Ýörite sungat mekdebiniň ähli şert mümkinçilikler döredilen giň, ýagty, täze ýyl baýramyny janly suratlandyrýan mynasyp bezelen, okuw otagynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň ýörite saz gurallar üçin döreden ajaýyp eserleri ýaňlandy. I we II ýyl talyplarynyň ýekelikde we ansambl bolup ýerine ýetirmeginde diňlenen J. Williamsyň döreden «Ýeke özi öýde» kinofilminden «Baýramçylyk sazy», L. Koen «Alliluýa» eserleri diňleýjilere aýratyn baýramçylyk sowgady boldy. Konsertde çykyş eden professional sungatyň ýaş wekilleri özleriniň ýerine ýetiriş aýratynlygy bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. Dabaranyň ahyrynda «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri Gülälek Akmyradowa şeýle çäreleri geçirmäge, birek-birek bilen tejribe alyşmaga, talyp ýaşlara okamaga we öwenmäge, biz mugallymlara döredijilikli zähmet çekmäge hem-de medeniýetli dynç almaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýtdy hem-de ýetip gelýän Täze 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen ähli dabara gatnaşyjylary gutlap hasabat konserti jemledi.
«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary»
bölüminiň klarnet hünäriniň mugallymy Amanguly RAHYMOW.