Täze ýyl mynasybetli geçirilen şowhunly konsert
Ýaňy ýakynda Täze ýyl mynasybetli “Märkaw” toý mekanynda aýdym-sazly, şowhunly geçirilen dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly şatlyk çaýdy. Bu şowhunly çäre aýdym, tans, we dürli görkezmeler bilen Täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da belende galdyrdy.