Ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlary, tans topary özleriniň joşgunly tanslary, küştdepdileri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem mugallymlardan düzülen bagşy-sazandalar topary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm