Trening geçirildi
Ýaňy ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konsert zalynda talyplar üçin trening geçirildi. Trening-da Sanly tehnologiýalary boýunça hünärmeni Gurbanow Kadyrmyrat “Üstünlige tarap 10 ädim” diýen tema bilen çykyş etdi. “Sazyň nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Annaýew Annageldi bolsa “Wagty dogry ullanmagyň syrlary” diýen tema bilen çykyş etdi. Ýörite taýynlanan prezentasiýaly trening talyplarda uly täsir galdyrdy. Talyplaryň okuwlarynda işlerinde üstünlik gazandyrjak gowy endikleri öwrenmeklerinde şeýle hem wagtlaryny dogry ullanyp geljekki maksatlaryna ýetmekleri üçin geçirilen treningiň täsiriniň boljakdygyna ynanýarys.