Kitap – dostluk daragty
Älem syry kitap bilen açylýar. Kitap – bahasyna ýetip bolmajak hazyna, akyl-paýhas, bilimleriň çeşmesidir. Okamak endigi ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän iň uly serişdeleriň biridir. Kitap okamagyň netijesinde söz baýlygyň artyp, çalt sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýarsyň. Haýsy bolsa-da okan eserleriň täsirinde, gahrymanlara,aşyk-magşuklaryň päk söýgüsine gabat gelinýär, şeýle-de kitaplaryň üsti bilen taryhyň gum basyp giden syrly sahypalaryna seýrana çykýarsyň. Okaýan eserlerimizdäki: “Umyt bilen açylyp, gazanç bilen soňlanan kitap, iň gowy kitapdyr”, “Kitapsyz ulalan çaga, suwsuz ösen bag ýalydyr”, “Kitap adamlaryň ýoluny ýagtyldýar” diýen ýaly ajaýyp sözler kitaba bolan söýgiňi ýene bir gez beýgeldýär. Kitaba uly sarpa goýup, halkyna gymmatly ruhy çeşmäni peşgeş edýän hormatly Prezidentimiz: “Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy ajaýyp eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy” diýip belleýär.
Kitap okamagyň birnäçe peýdaly taraplary
1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan tukatlygy, gaýgy-gamy, ýerliksiz dowul-gorkyny aýyrýar.
2. Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär we hereketleriňde nähaklyk etmekden, öte geçmekden ýa-da doly bitirmän, bärden gaýtmakdan saklaýar.
3. Kitap okaýan wagtyň bikär, işýakmaz adamlardan üzňe bolýarsyň. Wagtyňy peýdaly zatlara sarp edýärsiň.
4. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar. Gürlände sakynyp-säginmeýär, her sözüni düşnükli aýdyp bilýär
5. Kitap okaýan adamyň akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar.
6. Kitap okaýan adam bilime baý bolýar, ýatkeşligi we düşünjesi ýitileşýär, dünýägaraýşy kämilleşýär.
7. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar.
Aşsa-da üstünden asyrlar heňňam,
Çekipdir keşgini bu goja dünýäň,
Geçmişi, şu güni görkezip bilýän,
Döwürleriň tämiz lybasy kitap!
Taryhyň uzyndyr aýlasam nazar,
Tarypyň yklymdan-yklyma gezer,
Saňa sežde edip, kim salsa güzer,
Göteriler göwün telwasy, kitap!
Saňa köňül beren sözlegiç herbap,
Mydam magny saçar, pikirin durlap,
Hiç baýlykdan kem däl, bilýän arzylap,
Danalaryň peşgeş-yhlasy, kitap!
Oguz handan, Gorkut atadan galan,
Saňa ömür beren ol Salyr Gazan
Nowaýy, Nyzamy, Firdöwsi ýazan,
Döwlet galamynyň şöhlesi, kitap!
Azadyň, Pyragyň, Mollanepesiň,
Kändir seýran eden açan gapysyn,
Zelili, Mätäji durlap nepesin,
Saňa gadyr goýdy ählisi, kitap!
Ak ýol açdy saňa täze zamana,
Arkadag besledi şöhrata-şana,
Hemdemsiň, hemrasyň barça ynsana,
Açyk saňa dünýäň gapysy, kitap!
Taýýarlan: Kitaphana müdiri Hurma ORAZMUHAMMEDOWA