Spartakiýadada talyplaryň gazanan üstünlikleri

Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygynyň ýurdy” atly XIV spartakiýadanyň düzüminde bolan sportuň Şaşka görnüşi boýunça geçirilen toparlaýyn ýaryşda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Babaýew Rahat, Annadurdyýew Annadurdy, Orazgulyýewa Leýli, Päliwanowa Näzik I orun eýelediler. Şeýle hem sportuň Düzzüm gömüşi boýunça geçirilen toparlaýyn ýaryşda Babaýew Rahat, Akmyradow Perman III orun eýelediler. 

Mekdebiň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň adyndan gutlaýarys! Şeýle baýrakly orunlaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.



Kirişli saz gurallary bölüminiň müdiri 

Şähribossan ŞAMÄMMEDOWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm