Milli Liderimiziň ylhamy - döwletliligiň dabaralanmasy

      Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar türkmen halkymyz üçin şamçyrag bolup durýar. Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny, beýik şahsyýetlerimiziň geçen ýoluny, nesillere miras galan medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda biziň her birimize bahasyna ýetip bolmajak sowgada öwrüldi. Alym Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ajaýyp Watanymyzyň geçmişinde dünýä edebiýatyna, medeni mirasyna uly goşant goşmagy başaran beýik taryhy şahsyýetlerimiz, dünýä siwilizasiýasyna öz täsirini ýetiren medeniýetimiz, şöhratly baý taryhymyz hakynda döreden täze kitaby ählimiziň ýan kitabymyza öwrüljek gymmatly eserdir. Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan ýylynda Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň baý, şöhratly taryhyna halkara derejesinde bildirilýän uly gyzyklanmanyň subutnamasydyr. Birleşen milletler guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna girizilen  medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyz geçmişimize bolan buýsanjymyzy artdyrýan, şu günümize we geljegimize ynamymyzy pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän, alnymyzdan ak gün kimin lowurdap dogan «Hakyda göwheri» atly bu täze kitabyň arassa ahlakly, edermen, ruhubelent, watansöýüji, döwür bilen aýakdaş türkmen ýaşlaryny kemala getirmekde biz mugallymlara ýol-ýörelge, görelde, terbiýe mekdebi boljakdygyna ynanýarys. 
    2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň mežlisler zalynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy aýdym-sazlar, milli gymmatlyklarymyzdan düzülen sergiler bilen ýaýbaňlandyrlyp geçirildi. Dabara Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem gatnaşdylar. Şeýle hem talyplardan düzülen sazandalar topary aýdymçylara sazandarlyk etdiler.
     Bize eşretli durmuşy baky peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, abadan ýollardan aýdyň ertirlere ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň müdiri 
Gülälek AKMYRADOWA 


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm