ÝEŇIŞ YZYNA ÝEŇIŞ

18-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli düzme ýazmak ussatlygy boýunça hem-de türki dünýäniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
 Türki medeniýetiň halkara guramasynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara eminler topary tarapyndan saýlanyp seçildi we türki döwletleriň her biri boýunça aýratynlykda kesgitlenildi. «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» atly mowzukda türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinden gatnaşýan ýaşlaryň bolmagy buýsandyryjy ýagdaý.   
Bu surat çekmek bäsleşikde «Ýaş suratkeşler» atly eseri bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Annanurowa 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, Gülnabat ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri, şeýle hem maddy däl gymmatlyklaryny wasp etmek boýunça 3 — 18 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda dürli ýaş derejesinde geçirilen bäsleşige dünýäniň 34 ýurdundan gatnaşýanlaryň arasyndan tapawutlanyp, ýeňiş gazanmagy başarypdy. G.Annanurowa bu bäsleşikde «Jadyly güýç» eseri bilen gatnaşypdy.

Bagtyýar MÄMMEDOW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher 
ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm