«Parahatçylyk owazy» atly konsert

2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda ýurdumyzda hereket edýän ýörite sazçylyk mekdepleriniň birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň «Parahatçylyk owazy» atly konserti geçirildi. Konserte welaýat ýörite sazçylyk mekdepleriniň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ÝSMI-nyň okuwçylary we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň klarnet hünäriniň 1-nji ýyl talyby Seýran Gadyrgeldiýew we fleýta hünäriniň 2-nji ýyl talyby Oguljahan Toşşyýewa gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň dowamynda birleşen orkestriň çalmagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Kowus Bäşimowyň we Konserwatoriýanyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy Gurbanberdi Begenjowyň dirižýorlyk etmeginde görnükli türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň dünýä belli eserleri ýaňlandy. Olardan Mämmet Nuryýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy «Baga seýle», «Regtaým» toparynyň çalan Gloria Geýnoryň «Owadan geýinmegi başar» eseri, orkestriň çalan dost-doganlyk saz çemeni, «Alladin» kinofilminden aýdyşyk aýdymy ýaly ajaýyp eserler diňleýjiler tarapyn gyzgyn el çarpyşmalar bilen alkyşlandy. Konsertiň jemleýji eseri bolup kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Bitaraplyk aýdymy» ýaňlandy we konserte gatnaşyjylara baýramçylyk sowgady bolup uly ruhubelentlik paýlady. 
Dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan Baky Bitarap Watanymyzyň ýagty geljegi, Halkara abraýy üçin uly işleri alyp barýan medeniýetimiziň-sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdýarys. 

“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň müdiri Gülälek AKMYRADOWA 


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm